Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy (ОСЖД)

 

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) Halkara demir ýol üstaşyr nyrhnamasy hakynda Ylalaşygyna (MTT) gatnaşyjy taraplarynyň wekilleriniň XXXIV Mejlisi açyldy. Mejlisiň işine dünýäniň  we öz işini 18-nji maýa çenli dowam etdirer. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) Halkara demir ýol üstaşyr nyrhnamasy hakynda Ylalaşygyna (MTT) gatnaşyjy taraplarynyň wekilleriniň onlarçasynyň gatnaşýandygy bellärliklidir.

Nobatdaky Mejlis MTT baradaky resminamany kämilleşdirmäge we işjeňleşdirmäge bagyşlanyp, ol onlarça döwletleriň arasyndaky ylalaşyk bolyp, demir ýol arkaly üstaşyr kada boýunça ýükleri daşamagyň ýeke-täk düzgünlerini we nyrhnamalaryny kesgitleýär. 1997-nji ýylda güýje giren bu Ylalaşyk ulag infrastrukturasynyň ösüşine, ýük dolanyşygynyň möçberiniň köpelmegine, demir ýol ulagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, bu bolsa öz gezeginde Ylalaşyga gatnaşýan döwletleriň arasynda has işjeň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Gatnaşyjylar bu ýere üstaşyr ýük daşamalarynyň nyrhnamalary bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşmak we Ýewraziýa giňişliginde ýeke-täk nyrhnama düzgünlerini kesgitlemek, kadalaşdyryjy resminamalara goşmaça üýtgeşmeler girizmek bilen baglanyşykly meselelere serederler hem-de degişli çözgütleri çykararlar.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-ol hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) Halkara demir ýol üstaşyr nyrhnamasy hakynda Ylalaşygyna (MTT) Türkmenistan 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda agza bolup girdi.

Bu Mejlisiň esasy maksady nämelerden ybarat bolup durýar: birinjiden «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» Halkara ulag geçelgeleri boýunça ýükleri daşamagyň möçberiniň artmagyna getirer, ikinjiden daşalýan ýükleriň görnüşleriniň köpelmegine, üçünjiden bolsa ýük daşamalary bilen baglanyşykly resminamalary kämilleşdirmek bolup durýar.

«Türkmendemirýollary» agentligi demir ýol ulaglary babatynda ygtyýarly edara bolup, ol ýeke-täk döwlet tarapyndan demir ýol syýasatyny durmuşa geçirýändigini, Türkmenistanyň adyndan halkara bileleşiginiň öňünde demir ýol ulaglary pudagy boýunça çykyş edýändigini, şol sanda GDA-na agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşinde hem-de Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynda (DÝHG) Türkmenistanyň adyndan wekil bolup çykyş edýär.

        Mejlis öz işini ertir, 16-njy maýda dowam eder.