Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş–2023» atly halkara maslahaty we sergisi

Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş–2023» atly halkara maslahaty we sergisi

 

"Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş" atly 2-nji Halkara maslahaty we sergisi 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bu Halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, şeýle hem onuň garamagyndaky "Türkmendemirýollary", "Türkmenawtoulaglary", "Türkmenhowaýollary", "Türkmendeňizderýaýollary", "Türkmenaragatnaşyk" agentlikleri we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalary, paýly gatnaşykdaky paýdarlar jemgyýetleri, "Türkmen forum" hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar.

Maslahatyň we serginiň esasy maksady pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagyndaky täze hakykatlara uýgunlaşmak, netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem türkmen döwlet guramalarynyň, logistika kompaniýalaryň we ulag-logistika ulgamynda halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.