Demirýol ulaglary pudagynda türkmen-rus ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk

2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti S. Berdimuhamedow  Russiýa Federasiýasynyň “Russiýanyň demirýollary” (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň Prawleniýasynyň başlygy - Baş direktory O.Belozerowy kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde demirýol ulaglary pudagynda türkmen-rus ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy şeýle hem Demirgazyk-Günorta halkara ulag-üstaşyr demirýol geçelgesiniň Gündogar ugryny ösdürmek meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmeginiň ähmiýeti we Döwletimiziň ulag pudagynyň ösüşine berýän ünsi barasynda bellenilip geçildi.

Şeýle-de 2022-nji ýylyň  6-7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisiň çäklerinde 2023-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Russiýanyň demirýollary” açyk paýrdalar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gol çekilen Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durulyp geçildi we bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň bellenilen möhletde berk berjaý edilýändigi barada belläp geçdiler.

Ýagny, "Demirgazyk-Günorta" ulag-üstaşyr geçelgesiniň Gündogar ugrynyň Ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, demirýol ulaglary pudagynda sanly ulgamy ösdürmek şeýle hem, “Russiýanyň demirýollary” açyk paýrdalar jemgyýetiniň Aşgabat şäherinde we "Türkmendemirýollary" agentliginiň Moskwa şäherinde wekilihanalaryny ýakyn wagtda açmak meseleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aralaryndaky şeýle hem, ýurdumyzyň çäginden Demirgazyk-Günorta halkara demirýol ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly Eýran Yslam Respublikasyna we Günorta Aziýa, Pars aýlagy ýurtlaryna ýük gatnawlarynyň gün saýyn artýandygy barada belläp geçdiler.

2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerine görä, Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana we Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana daşalan üstaşyr ýükleriň möçberi 220 müň tonna barabar bolandygy, we 2022-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy diýip, bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda “Russiýanyň demirýollary” açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary - Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we komminikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň we "Türkmenemirýollary" agentliginiň başlygynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.