Ýürek sözi
GEŇEŞLI HALK DÖWLETLIDIR
GEŇEŞLI IL – DÖWLETLI IL
Rahym NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň hünärmeni.
– Ilki bilen, tutuş halkymyzy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu taryhy mejlisde çykyş edip, ulag we kommunikasiýalar pudagynyň adyndan ýürek buýsanjymy beýan etmek mümkinçiliginiň miýesser edendigi üçin özümi bagtly saýýaryn.
Taryhy mejlisiň dowamynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, mertebesi belent Milli Liderimiziň onuň Başlyklygyna bellenilmegi, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň bir palataly ulgama geçirilmegi ýaly demokratik özgertmeler ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Ynsan ogluna mukaddes Watanyna, iline hyzmat etmekden uly bagt ýokdur. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň düýp özeni-de Watany beýgeltmekde halk diýen mukaddes düşünjäni emele getirýän her bir adama uly orun degişlidigini äşgär edýär.
Bu ynsanperwer taglymata eýerip, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, döwletimiziň ulag ulgamynda hem oňyn işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň halkara ulag hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşyp, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi onuň dünýä ýüzünde ulag-kommunikasiýa merkezi hökmündäki ornuny berkidýär. Ýola goýulýan bu işleri geljekde yzygiderli kämilleşdirmek bolsa pudagyň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu işlere biz — ýaşlaryň işjeň çekilmegimiz işleýän pudagymyzyň öňündäki jogapkärçiligimizi we borjumyzy has-da artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Gahryman
Arkadagymyz, Arkadagly
Serdarymyz biz – ýaşlara uly ynam bildirýär. Biz şol ynama mynasyp jogap edip, öz hünär ugrumyz boýunça yhlasly zähmet çekeris.