Hormatly adamlar, ulag sürüjileri, ýetginjekler, okuwçylar, “Türkmendemirýollary” agentliginiň işgärleri size ýüzlenýär. Türkmenistanyň demir ýollarynyň tehniki taýdan kämilleşmegi, çalt ösmegi hereketiň tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol hereketli düzüminiň tizliginiň ýokarlanmagy, howply ýükleriň daşalmagy bilen baglanyşykda demir ýol howply zolaklar bolup durýar. Köplenç käbir adamlar howpy ýatdan çykaryp, goralýan we goralmaýan demir ýol geçelgelerde awtoulag sürüjilerine otlynyň gelýändigini duýdurýan, geçmegi gadagan etýän gyzyl yşykda geçelgä girmän saklanmalydygyny, otlynyň ýoklygyna doly göz ýetirip gyzyl yşyk sönip rugsat beriji ala agaç açylýança geçmeli däldigini, demir ýoluň üstünden pyýada ýöremek, demir ýollaryň golaýynda mal bakmak we mallary eýýesiz goýmak, demir ýol beketleriniň golaýynda çagalaryň ýany uly adamsyz goýmak we pyýada geçelgelerden geçirmek, demir ýol hereketli düzümi geçip barýarka daş zyňmak, demir ýoluň swetoforlarynyň yşyklandyrjylaryny döwmek, aragatnaşyk simlerini kesmek, çapmak, ýol belgilerini zaýalamak, demir ýoluň çäginde hem-de tok we aragatnaşyk sütünleriniň töweregine ekin ekmek, gurluşyk işlerini alyp barmak, demir ýola we relse demir, çüý we beýleki enjamlary goýmak, demir ýol ulaglarynyň çäginde hereketli oýunlary guramak gadagandygyny Size ýatlatýarys. Diňe bu öz durmuşyňyza däl, töweregiňizdäkileriň hem durmuşyna, lokomotiw toparynyň we otlydaky ýolagçylaryň janyna we saglygyna howp salýar.
Şularyň howpludygyny ýatladýarys: