Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentligi infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumynda infrastruktura we jemgyýetçilik taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol sanda, Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angar toplumy gurulýar, Jebelde täze howa menziliniň we Serhetabat-Turgundi türkmen-owgan demir ýol şahasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.

 

Häzirkizaman talaplaryna laýyklykda tehnologik taýdan enjamlaşdyrylan sürüjilik okuwlary üçin okuw meýdançalary gurulýar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň dolandyryş edarasy we Türkmenbaşy şäherinde pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

 

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň  başlygy Mämmethan Çakyýew türkmen hökümetiniň anna güni geçirilen mejlisinde hasabat berdi.

 

Şeýle hem, ol ýylyň soňky 10 aýynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça amala aşyrylan gatnawlaryň hasabatyny berdi. Hususan-da, ýük gatnawy meýilnamasynyň 109,4%, ýolagçy gatnawy üçin bolsa 104,3% ýerine ýetirilendigi habar berildi.

 

Bölümlere bölünen ulgam boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini aşakdaky ýalydyr: demir ýollar - 105.1%, awtoulag - 129.5%, howa gatnawy - 175,2%, derýa we deňiz ulaglary - 110,6%, "Türkmenaragatnaşyk" - 107,7%.