Bakuda Demirgazyk we Merkezi Aziýa demir ýollarynyň sanly transformasiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Bakuda BMG-nyň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) bilen BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP) bilelikdäki  nobatdaky mejlisi geçirilýär, ol  Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitinde demirýollaryň sanly transformasiýasyny çaltlaşdyrmaga bagyşlanandyr.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, demir ýol ulaglary pudagyna maýa goýumlaryny we ýokary tehnologiýalary çekmek meselelerine seretdiler.

 

Çäräniň çäginde Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitinde halkara ýük gatnawlaryny we demir ýol ulaglaryny sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy hem geçirildi.

 

Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň internet saýtynda berýän habaryna görä, bu çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri, şeýle hem ESCAP sekretariatynyň, Demirgazyk we Merkezi Aziýa boýunça ESCAP Sebitleýin Ofisiniň (SONCA), Halkara Demirýol Bileleşiginiň (UIC), TRACECA we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamynyň ösüşinde sanlylaşdyrmagyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, ESCAP sekretariaty “Demirgazyk we Merkezi Aziýada demir ýol ulaglarynyň durnuklylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalar we sanly üýtgeşmeler” atly tehniki kömek taslamasyny durmuşa geçirýär.

 

Soňky ýyllarda, hatda COVID-19 pandemiýasy döwründe-de, Transaziýa demir ýollary  ulgamy boýunça halkara ýük gatnawynyň ösmegi demir ýol ulaglarynyň amatly we peýdaly taraplaryny, şol sanda pandemiýalara we beýleki negatiw faktorlara çydamlylygyny görkezdi.

 

Bilermenleriň pikiriçe, halkara demir ýol ulaglarynyň gatnawlaryny has-da berkitmek üçin demir ýollaryň arasynda sazlaşykly elektron maglumat alyş-çalşygy arkaly serhet geçelgelerinde aşa eglenilmegi azaltmak zerur.  Mundan başga-da, demir ýol aragatnaşygy ulgamynda akylly çözgütleriň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi, deňze çykalgasy bolmadyk SPECA ýurtlaryny goşmak bilen birlikde, tutuş sebitde demir ýollaryň sanlylaşdyrylmagynyň çuňlaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.