Prezident Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde: "Biz ulag we aragatnaşyk pudagyna halk hojalygynyň intensiw ösýän we geljegi uly pudagy hökmünde aýratyn üns berýäris" - diýdi.

Döwlet baştutany ýurduň ulag-logistika strategiýasynyň gözbaşynyň gadymy döwürlerden – Beýik Ýüpek ýolundan başlanýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürýär, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) ugurlary boýunça yzygiderli halkara transport gatnawlaryna işjeň gatnaşýar.

Ulag infrastrukturasyny döretmek üçin Amyderýanyň üstünden awtoulag we demirýol köprüleri, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Kerkide täze halkara howa menzilleri we Türkmenbaşyda deňiz porty guruldy. Bu ädimler Türkmenistanyň sebitde we  onuň daşynda söwda-ykdysady işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça dört sany Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlatdy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda BMG-nyň Durnukly ulag boýunça ilkinji global maslahaty, ýakynda bolsa, ýagny 2022-nji ýylyň awgust aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesinde maslahaty geçirildi.

"Bularyň hemmesi dünýä we sebit derejesinde halkara ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek, häzirkizaman transport we üstaşyr geçelgelerini döretmek we giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar" – diýip, türkmen lideri aýtdy.