Ministrler Kabinetiniň mejlisinden: 8 aýyň netijeleri we Prezidentiň tabşyryklary.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 110,4 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar – awgust aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 110,6 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 131,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 127,9 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 108,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 107,5 göterime deň boldy.

Logistika babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen iş toparlary döredildi hem-de olaryň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahat hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirilip, bu çärelere daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň, halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag toplumynyň alyp barýan işiniň wajypdygyny nygtady hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmak tabşyryldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.