“Demirýollary” we Türkmenbaşy porty ýük dolanyşygyny ýylda 400 müň TEU çenli artdyrar

"Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler.

 

 

 

Munuň üçin ähli şertler bar. Pandemiýadan soňky konteýner dolanyşygy ähli ugurlarda, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demirýol edaralary tarapyndan gol çekilen bäştaraplaýyn teswirnama laýyklykda ösýär. Şeýlelik bilen, bu ugur boýunça 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 esse köp konteýner daşaldy.

 

 

Türkmenbaşy portunyň üsti bilen diňe Azerbaýjan-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça şu ýylyň 8 aýynda daşalan ýüküň möçberi 389,73 müň tonna ýetdi, şunlukda, ösüş Özbegistan tarapa – 188% deň, garşylykly tarapa – ýedi esse töweregi boldy.

 

 

 

Şol döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky demirýol arkaly daşalan eksport-import ýükleriň möçberi 1 million 383 müň tonnadan gowrak boldy we iki ýurduň çäginden üstaşyr  daşalan harytlaryň möçberi dört esse ýokarlandy.

 

 

 

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary bu ugruň netijeliligini ýokarlandyrmak we dürli proseduralary ýeňilleşdirmek arkaly harytlaryň daşalyşyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikleri yzygiderli geçirip durýarlar. Bu geçelge Hytaýdan we Merkezi Aziýadan Ýewropa we yzyna konteýnerli ýük  daşamakda geljegi has uly geçelgeleriň biridir.