Türkmenistan multimodal ugur boýunça Hytaýa buýan köküniň uly tapgyryny ýetirdi

Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi.

 

Ýük Türkmenabatdan ugradyldy we ilki bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. Soňra ol deňiz ýoly arkaly Gazagystanyň Aktau şäherine çenli iberildi. Şol ýerden ýük demirýol ulagy arkaly HHR-de Horgos serhet stansiýasyndan geçdi hem-de şondan bellenen nokadyna – Sian şäherine gelip gowuşdy.

 

Ýüki daşamak üçin ulanylan multimodal geçelgeler boýunça ýolda bolmagyň ortaça wagty iberilen seneden başlap 15-20 gije-gündize barabardyr. Bu bolsa awtomobil, deňiz we demirýol ulaglarynyň peýdalanylmagy bilen Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň ulag mümkinçilikleriniň hereketiniň netijesinde mümkin boldy.

 

31-nji awgustda Hytaýyň gadymy paýtagtyna gelip ýeten 42 konteýnerden ybarat demirýol otlusy S.A. Nyýazow adyndaky “Buýan” oba senagat toplumynda öndürilen türkmen buýan köküni alyp geldi.

 

Türkmen önümi ýokary hili hem-de düzüminde biologik taýdan işjeň maddalaryň köp möçberiniň bolmagy bilen HHR-niň alyjylaryny özüne çekdi. Buýanyň baryp gadymy Hytaýda hem dermanlyk serişdesi hökmünde belli bolmagy bilen baglylykda, bu gün hytaýlylar Türkmenistandan getirilen buýan köküniň häsiýetlerine ýokary baha berýärler we bu önümiň importyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

 

Ýüki ýetiren Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Türkmenistanyň çäklerinde bolşy ýaly GDA-nyň, ÝB-niň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna hem ýükleri üstaşyr ibermegi guramak boýunça hyzmatlaryň giň gerimini üstünlikli ýerine ýetirýär.