Aşgabat ulag forumy – başlanmazynyň öňýanynda

Aşgabat ulag forumy – başlanmazynyň öňýanynda

Soňky iki ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli, dünýäde ulag baglanyşyklylyklary we syýahat ulgamy haýallady we käbir ýerlerde asla togtady diýen ýaly. Çaltlaşdyrylyp geçirilýän  sanjym transport we syýahatçylyk pudaklaryna kuwwatyny kem-kemden dikeltmäge mümkinçilik berýär. Häzir  pikir we tejribe alyşmak, özara borçnamalary kabul etmek öňküden has köp möhümdir. Bular 18-19-njy iýulda Aşgabatda geçirilýän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynyň esasy maksatlary bolup durýar.

Maslahat bütin dünýäniň üns merkezinde bolmak bilen, oňa delegatlaryň 300-den gowragy adaty ýagdaýda we ýene ýüzden gowragy bolsa, Zoom platformasyny ulanmak arkaly, onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Maslahatyň birinji gününde umumy mejlis bolar, ondan soň ýene iki mejlis geçiriler. Ikinji gün, irdenki sessiýadan soň, Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri bilen halkara kompaniýalarynyň ýüzbe-ýüz duşuşyklary geçiriler. Forumyň çäginde 19-njy iýulda Halkara awtobana we Aşgabat halkara howa menziline, şeýle hem 20-nji iýulda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gezelenç göz öňünde tutulýar.

Maslahat ýerli, sebit we halkara logistikasynda ýöriteleşen öňdebaryjy türkmen we halkara kompaniýalarynyň goldawyna eýe boldy. Bu goldaw platina hyzmatdaşlygynda (Ege Logistics), şeýle hem, altyn (Kelk и Halkara Turkmen Logistics), kümüş (Älem TW, Türkmen Ak Ýol, Ynamly Ýol, Altyn Döwür) we bürünç (UlagExh, THADA, Mermer Kenar, At Abray, Türkmen Deňiz Hyzmatlar) hyzmatdaşlyklarynda jemlenýär. Şeýle hyzmatdaşlyk goldawy pandemiýadan soň halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri dikeltmegiň guraly hökmünde bu maslahaty çagyrmagyň derwaýysdygyna şaýatlyk edýär.

Forumyň spikerleriniň arasynda  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýew, IRU-nyň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň başlygy Wadim Zaharenko, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Merkezi Aziýada ulag we logistika boýunça hyzmatdaşlygyň  başlygy Larisa Kislýakowa dagylar bar.

            Maslahatyň guramaçylary, hyzmatdaşlary, spikerleri, logistika, gün tertibi we maksatlary baradaky jikme-jik maglumatlar şu salgydaky saýtda elýeterdir: http://itcc2022.turkmen-forum.com/ .