“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty.

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu forum halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony şu ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda, utgaşykly çözmegi tabşyrdy.