Demir ýol ulgamynda döwrebap sanly hyzmat!

Hormatly Prezidentimiziň:“Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berer.”-diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ulgamy hem gün saýyn ösüşlere beslenýär.

         “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň ençeme görnüşleri amala aşyrylýar. Türkmenistanyň çäginde, hem-de GDA, Baltiýa, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlary boýunça eksport, import we üstaşyr ýükleri daşamak üçin iň pes nyrhnamalaryny hödürleýär we şuňa laýyklykda, ýük daşamagyň demir ýol ulagyndaky nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda müşderilere öz hyzmatynyň elýeterliligi bilen tapawutlanyp gelýär.

         Mundan başga hem,    Demir ýol arkaly ýük gatnatmak işini ýeňilleşdirmek we ähli bar bolan mümkinçilikleri rejeli we doly möçberde peýdalanmak, bu ugurda gerekli bolan maglumatlar binýadyny döretmek maksady bilen, “Awtomatlaşdyrylan ulgamda ýükleri daşamagy operatiw dolandyrmak boýunça programma üpjünçilik toplumyny” “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine hödürleýär. Bu programma üpjünçilikleriniň toplumyny işe girizmek we taýýarlamagyň esasy maksady, demir ýol hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sanyny artdyrmak we täze daşary ýurt hyzmatdaş kompaniýalary gazanmak, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň sanyny köpeltmek bolup durýar. Bu öňde goýulan maksada ýetmek üçin ýük gatnawlaryna degişli bolan ähli işleriň özara sazlaşykly işlemegini we ýeke täk maglumatlar binýadynyň gurnalmagyny, şeýle hem müşderileriň talaplaryna laýyklykda tiz we dürs jogaplary bermekligi demir ýol ulagynyň işgärleri öz öňlerinde borç edinýärler.

         “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Awtomatlaşdyrylan ulgamda ýükleri daşamagy operatiw dolandyrmak boýunça programma üpjünçilik toplumy” arkaly, demir ýol ulagynda ýük daşamaga isleg bildirýän her bir müşderi online görnüşinde www.trl.gov.tm  web saýtyndan Şahsy otagyny döredip ýük daşamaga islendik görnüşdäki ýüzlenmelerini ýollap biler. Mundan başgada, müşderiler ýük daşamak maksady bilen ýollanan ýüzlenmeleriniň ýagdaýy baradaky, kärendä alynan ýa-da, hususy ýük wagonlarynyň ýagdaýlary baradaky maglumatlary online görnüşinde Şahsy otag arkaly gözegçilik etmek mümkinçiligine hem eýe bolarlar.