Türkmenistanyň baý taryhy, tebigy aýratynlygy hem-de gözel ýerleri bilen halkara syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän gojaman hazaryň kenarynda ýerleşýän “Kerwen” sagaldyş merkeziniň web-saýty

Türkmenistanyň baý taryhy, tebigy aýratynlygy hem-de gözel ýerleri bilen halkara syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän gojaman hazaryň kenarynda ýerleşýän “Kerwen” sagaldyş merkeziniň web-saýty “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

         “Kerwen” sagaldyş merkezinde dynç almaga isleg bildirýän her bir müşderi, sagaldyş merkezi baradaky anyk maglumatlary giňişleýin görnüşde almaga, otaglary öňünden buýrmaga, hem-de müşderiler üçin döredilýän ýeňillikler baradaky maglumatlary görmäge www.kerwen.gov.tm web saýty arkaly mümkinçilik ayp bilerler.