Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda döwletimiziň ulag üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda döwletimiziň ulag üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär.

         Şu maksat bilen gündogar-günbatar hem-de demirgazyk-günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda howa, demir ýol, awto ulag hem-de deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

         Ýurdumyzyň çäginden demir ýol ulaglary arkaly üstaşyr ugurlaryna konteýner ýükleriniň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýagny, “Türkmenistanyň ulag logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkmenistanyň halkara ulag üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, peýdalanmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artdyrmaklyga ýardam bermek, hem-de üstaşyr, eksport, import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da bir näçe görnüşli ulaglar arkaly ýük alyjylara eltmekde ýerlikli logistika çözgütleri işläp düzmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

         “Türkmenistanyň ulag logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Gazagystan respublikasynyň “Kazakstan temir žolu” ekspres paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde Hytaý halk respublikasyndan Gazagystan respublikasyndan üstaşyr geçirip Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen ilkinji gezek multimodal ugry boýunça Azerbeýjan respublikasynyň, Gruziýanyň üsti bilen, Türkiýe respublikasyna hem-de ýewropanyň beýleki ýurtlaryna konteýner otly düzüminiň gatnawyny amala aşyrdy.

         Şeýle hem, Gazagystan respublikasynyň Mangistau stansiýasyndan pomidor pastasy ýükli 82 sany 20 futlyk konteýner otly düzümi ugrady hem-de Bolaşak stansiýasyna gelip gowşdy we ýurdumyzyň Serhetýaka stansiýasy tarapyndan konteýner otly düzümi kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň çäginden üstaşyr demir ýol ulaglary arkaly konteýnerlerde daşalýan ýükleriň artýandygyny subut edýär. Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýulýan esasy wezipeleriň biri ýük dolanşygyny artdyrmak, esasan hem üstaşyr geçýän konteýnerlerde daşalýan ýükleri köpeltmek bolup durýar. Konteýner ýük daşamalarynyň öz ýurtlaryndaky hukukly dolandyryjylary bolan Türkmenistanyň çäginde halkara gatnawlarda hem-de ugurlarda demir ýol ulaglary bilen ýükleri konteýnerlerde daşamaklygy dolandyrmak operator wezipesini “Türkmenistanyň ulag logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Gazagystan respublikasyndan “Kazakstan temir žolu” ekspres paýdarlar jemgyýeti, Eýran yslam respublikasynda hem-de Türkiýe respublikasynda öňde baryjy kompaniýalary bilelikde hyzmatdaşlyk edip bu taslamany amala aşyrýarlar. Türkmenistan Ýewropa-Aziýa ýuwaş ummany hem-de günorta aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontenental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär.

         Şonuň üçin hem bu babatda gündogar-günbatar hem-de demirgazyk-günorta geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugry boýunça milli düzümi hasda giňeltmäge möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenýär. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrülýär. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär we ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly itergi berýär. Bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär. Türkmenistan yklymyň esasy ýollaryň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup oňa ýük gatnawynyň hem-de ýolagçy gatnawynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäne mümkinçilik berýär. Ulag üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar.