Bildiriş

2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan başlap, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan ýolagçy otlulary tapgyrlaýyn ýola goýmak boýunça ýolagçylary gatnatmagyň tertibi düzülip “Türkmendemirýollary” agentligi, Aşgabat şäherinden we welaýat merkezlerinden ýolagçy otly gatnawlaryny şu aşakdaky tertipde tapgyrlaýyn ýola goýulýar.

1) günaşa Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça;

2) günaşa Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça;

3) her hepdäniň Penşenbe, Ýekşenbe günleri Türkmenabat-Türkmenbaşy ugry boýunça;

4) her hepdäniň Anna, Duşenbe günleri Türkmenbaşy - Türkmenabat ugry boýunça;

5) her hepdäniň Çarşenbe, Ýekşenbe günleri Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça;

6) her hepdäniň Penşenbe, Duşenbe günleri Daşoguz-Aşgabat ugry boýunça.

Ýolagçylar 5 (bäş) gün öňünden online görnüşinde ýa-da gatnaw günlerinde kassalardan petek satyn alyp bilerler.

Her bir ýolagçy petek almazdan öň gerekli resminamalar. 

1. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelip-gitmek, üstaşyr geçmek üçin wagtlaýyn rugsatnama almaly.

2. Wagtlaýyn rugsatnama almak üçin Türkmenistanyň raýatlary ýazgyda (hasapda bellikde) duran ýeri boýunça ya-da bolýan ýeri boýunça welaýat häkimleriniň we Aşgabat şäher häkiminiň kararlary bilen şäherlerde we etraplarda döredilen ýörite toparlara ýüz tutmaly.

3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary sanly elektron ulgama Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumatlary, sapara gidýän senesi barada bellik etdirmeli we wagtlaýyn rugsatnama almaly.

4. Wagtlaýyn rugsatnama berilen Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda olaryň ýanlary bilen gidýän-gelýän kämillik ýaşyna yetmedik çagalary Aşgabat şäherine, bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gitmezinden ozal Saglygy goraýyş edaralarynda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasyny almaly.

5. Wagtlaýyn rugsatnama we soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy bolmadyk Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara gelipgitmäge ýa-da üstaşyr geçmäge rugsat berilmeýär.

6. Şu tertibiň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherine we bir welaýatdan başga welaýatlara ýa-da Aşgabat şäherinden welaýatlara şu bölekde görkezilen maksatlardan başga ýagdaýlarda, şeýle hem bellenen tertipde COVID-19-a garşy sanjymyny alandygyny (ýa-da olaryň bu sanjymy almaga degişli däldigini) tassyklaýan resminamasy bolmadyk ýagdaýynda gidip-gelmäge rugsat berilmeýär. Bu talaplar hemişelik ýazga duran ýerine barýan/gidýän adamlara hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe we Ak bugdaý etraplarynda ýazgyda ýa-da degişli edaralarda bellikde durup, Aşgabat şäherine gelýän we Aşgabat şäherinde ýazgyda ýa-da degişli edaralarda bellikde durup, bu etraplara barýan adamlara degişli däldir.