Ozal hem habar berişimiz ýaly, “Demirýollary” açyk örnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halk köpçüligine edilýän hyzmatlaryň biri ýükleri daşamak hyzmaty bolup durýar.

         Ozal hem habar berişimiz ýaly, “Demirýollary” açyk örnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halk köpçüligine edilýän hyzmatlaryň biri ýükleri daşamak hyzmaty bolup durýar. Demirýol ulag ulgamy arkaly ýük daşamaga isleg birdirýänleriň sanynyň gün-günden artýandygyny göz öňünde tutup, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu hyzmatyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara görnüşli hem-de telekeçiligiň hususy bölümçelerinde ýükleri daşamak bilen meşgullanýan ähli müşderilere goşmaça ýük wagonlaryň ugruny anyklamak hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat her bir müşderä öz ýüküniň barýan ugryny anyklamaga hem-de ýüküň ýagdaýy baradaky maglumatlary almakda we müşderileriň gyzyldan gymmatly wagtyny tygşytlamaga uly ýardam berer.