TÜRKMEN-ÖZBEK DEMIRÝOLÇULARYNYŇ IKITARAPLAÝYN HYZMATDYŞLYK BOÝUNÝA ONLAÝYN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşugygyň başynda taraplar birek biregi gyzgyn salamlap, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-niň Baş direktory hormatly myhmanlara bu duşuşyga wagt aýyrandyklary üçin hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň teklibi esasynda Özbegistan Respublikasynda wekilhanany açmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu wekilhananyň açylmagy halkara gatnawlarynda ýük dolanşygy artmagyna uly mümkinçilikleri berjekdigini belläp geçdiler

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, mundan beýläk hem ulag-logistika ulgamynyň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar we şol sanda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i myhmanlara ýüzlenip, gelejekde has üstünlikli işler amala aşyrmak üçin mahabat we beýleki hyzmatlarda iş salyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli gatnaşyklary esasynda işewürlikli we işjeň ýagdaýda geçdi.