TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝANYŇ WE HINDISTANYŇ ARASYNDA ENERGETIKA HEM-DE ULAG KÖPRÜLERINI DÖRETMEGI TEKLIP ETDI

Türkmenistan häzirki taryhy ösüş döwründe dünýä derejesinde möhüm özgertmeleri amal edip, içeri hem-de daşary syýasatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini üpjün etmäge giň ähmiýet berýär. Bu babatda ýurduň sebitdäki özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, umumy arabaglanyşygy döretmek başlangyçlaryna hem aýratyn orun degişli bolup, ol dürli derwaýys meseleleri özünde jemleýän halkara maslahatlarynda maslahatlaşylýar. Özara pikir alyşmalaryň, öňe sürülýän möhüm çözgütleriň netijesinde bolsa döwletleriň umumy ösüşi nazarda tutulýar.

Bu hyzmatdaşlyk maslahatlarynyň nobatdakysy hökmünde ýakyn günlerde Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitini görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden taryhy çykyşynda şu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam berjekdigini belledi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidigi, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidigi dogrusynda hem durlup geçildi.

«Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitinde nazarda tutulan esasy meseleleriň hatarynda sebitiň ulag ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi barada pikir alşylyp, zerur mümkinçilikleri durmuşa geçirmek kesgitlenildi. Bu babatda milli Liderimiz Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistan, aslynda, çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, şol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýol geçýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär.

Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Sammitiň barşynda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň Baştutanlary hem ýurtlaryň ykdysady şertlerini göz öňünde tutup, olar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegini gazanmak dogrusynda belläp geçdiler. Gazanylan ylalaşyklar, şol sanda daşary syýasy, ykdysady we beýleki edaralaryň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki ugurdaş düzümleri döretmek baradaky ylalaşyklar hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.