TÜRKMEN-OWGAN DEMIRÝOLÇULARYNYŇ IKITARAPLAÝYN HYZMATDYŞLYK BOÝUNÝA ONLAÝYN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol edarasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdyşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşyp, “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystanyň Demir ýol edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň 2021-nji ýylyň 09-njy ýanwarynda Kabul şäherinde gol çekişmek dabarasynyň, şeýle hem 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda türkmen demirýolçularynyň zähmeti bilen gurlan Akina-Andhoý demir ýolunyň açylyş dabarasynyň üstünde durup geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýyllaryň dowamynda türkmen hem-de owgan demirýolçularynyň arasynda özara-bähbitli hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Muňa birnäçe bilelikdäki amala aşyrylan taslamalar, hususan-da türkmen tarapyndan maýa goýumy goýulan, uzynlygy 13 km bolan Turgundy demir ýol böleginiň hem-de Akina bekedinde uzynlygy 10 km bolan goşmaça ýollaryň gurulmagy şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda taraplar «Turgundy-Hyrat» demir ýol böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň netijeliligi dogrusynda gepleşikler hem geçirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar birek birege berk jan-saglygyny, maşgala abadançylygyny, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk we gülläp ösmeklerini arzuw etdiler.