TÜRKMENI-TÄJIK DEMIRÝOLÇULARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY

2022-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndada wideoaragatnaşyk arkaly “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň “Роха охани Точикистон” (Täjigistanyň demirýollary) bitewi döwlet kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady demir ýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýük dolanşygyny ýola goýmak, özara hasaplaşyklary geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşyp, “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasaty, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge bolan aladalary barada gysgaça belläp geçdiler.

“Роха охани Точикистон” döwlet unitar kärhanasynyň wekili demir ýol ulaglary pudagynda geçen ýyllaryň dowamynda ulag-üstaşyr ýükleri daşamakda berilen ýeňillikler we olaryň netijeleri barada giňişleýin aýtdy.

Türkmen tarapy ulag-üstaşyr ýükleri daşamakda Täjigistan Respublikasy bilen geljekde hem işjeň hyzmatdaşlyk etjekdikleri badara aýdyp, geljekde hem halkara ýükleri daşamakda demir ýol pudagynyň gülläp ösjekdigine, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem giňeljekdigine umyt bildirdi.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar esasynda işewürlik we işjeň ýagdaýynda geçdi.