TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR

2022-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanda iş saparynda boldy.

Türkmenistanyň wekiliýet agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwlewi Sader Azan bilen duşuşyklary gurnaldy.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryna seredip geçdiler.

Taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.

Nobatdaky duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.