YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-de ýokarda agzalan döwletleriň degişli ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we dürli kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 300-e golaý daşary ýurt wekilleri gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan işewürler maslahatyna 138 wekil gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty, Energetika we beýleki ministrlikleriniň, döwlet konsernleriniň, ulag we aragatnaşyk agentlikleriniň, döwlet banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň hususy düzüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Giriş sözi bilen maslahatda YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Ahlaki çykyş etdi.

Umumy mejlisde YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň başlygy çykyş etdiler. 

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Azerbaýjan we Gyrgyz Respublikalarynyň Söwda-senagat edaralarynyň Prezidentleri, Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň başlygy, Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Biržalar Birleşmesiniň Prezidenti, Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Soňra maslahat iki sany tematiki mejlislerde dowam etdirildi. Olar: “YHG agza döwletlerinde söwda, gümrük we salgyt hyzmatlary, içerki we daşarky bazarlarda täze sarp edijilere girmegiň usuly hökmünde sanly tehnologiýalar we elektron söwda platformalary” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletlerde ulag we logistika hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek we maýa goýum mümkinçilikleri”.

Mundan başga-da, nebit we gaz, himiýa, oba hojalygy we azyk önümçiligi, dokma, söwda pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen gibrid formatda öňünden ylalaşylan ikitaraplaýyn duşuşyklar gurnaldy. 

Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol ulaglary edaralarynyň arasynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ýük geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.