ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler zalynda halkara guramalaryň wekilleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ulag ulgamy boýunça ýolbaşçylarynyň, bilermenleriniň we hünärmenleriniň onlaýn arkaly gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly ýokary derejede geçen duşuşygyň esasy mowzugy ýurtlaryň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini maslahatlaşmak boldy.

         Wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşyk 3 bölümde geçirilip, onda Türkmenistanyň ulag pudaklarynyň hünärmenleri, halkara guramalaryň, meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we bilermenleri täsirli çykyş etdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýew, şeýle-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginden, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginden, «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ-den, «Türkmenistan awiakompaniýasy» AGPJ-den we beýleki pudak edaralaryndan hünärmenler we ýolbaşçylar gatnaşyp, milli ulag ulgamynyň mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýola goýulýan taslamalar we ýakyn geljegiň uly maksatlary hyzmatdaşlaryň dykgatyna ýetirildi.

Öz nobatynda Demir ýol hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Aziýa Ösüş bankynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Ýewraziýa  ofisiniň,   FIATA-nyň,  «Kyrgyz temir žolu»  milli  kompaniýasy»  döwlet kärhanasynyň, «RŽD» AGPJ-niň, «Rohi Ohani Toçikiston» döwlet unitar kärhanasynyň, «Beijing Fast and Best Logistics Co. Ltd» kompaniýasynyň, «ITM-Group» kompaniýasynyň wekilleri türkmen tarapynyň şertlerine, maddy-tehniki düzümine we beýleki aýratynlyklaryna uly baha berip, gatnaşyk etmäge hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

         Aýratyn-da täze ulag ýollarynyň çekilmegi, awtoulag we demir ýol, deňiz ýollary arkaly halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi, olarda howpsuzlyk şertlerine berk gözegçilik etmek, ýurtlaryň import-eksport şertleriniň depginini ýokarlandyrmak duşuşygyň mazmunynyň esasyny düzdi.