TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETLERI HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER

2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar.

Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna Türkmenistanyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Ministr Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge türkmen tarapynyň taýýardygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi.

Konstruktiw gepleşikleriň barşynda ministrler gün tertibiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerine seredip geçdiler. Köpmaksatlaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen iki ýurduň resmi we işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Owganystanyň gatnaşmagynda iri energetika, kommunikasiýa we ulag taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň geljekde artdyrylmagynyň wajyplygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ýokarywoltly elektrik geçiriji liniýasy şeýle hem    ýaly taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky wajyp meseleler barada pikir alşyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň goňşy ýurt hökmünde Owganystanyň syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, owgan halkynyň bolsa abadançylygyna we bütewiligine uly gyzyklanma bildirýandigi hakynda ýene bir gezek belläp geçdi.