DAŞKENTDE BILELIKDÄKI HÖKÜMETARA TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň on bäşinji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça bilelikdäki işleriň depgini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň öňleýji netijelerini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýän Toparyň döredilmegindäki ähmiýetli tagallalary aýratyn nygtaldy.

Mejlisde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly hem pikirleri alyşdylar. Şeýle-de daşky gurşawy goramak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň hem esasy ugurlaryna seredip geçdiler.

Bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň jemleri boýunça on altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekişmek dabarasy geçirildi.