RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ DAŞARY ARAGATNAŞYKLAR BARADAKY KOMITETINIŇ BAŞLYGY Ý.GRIGORÝEWIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANDA BOLÝAN SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana bolýan saparynyň çäklerinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Ýewgeniý Dmitriýewiç Grigorýew we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň Diwanynyň başlygynyň orunbasary Fýodor Walentinowiç Çernisyn bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekiliýetiniň hem-de wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem ulag ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysy demir ýol ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler we täze gurulýan ulag infrastrukturalary hem-de durmuşa geçirmegi göz öňünde tutulýan taslamalar, ýagny “Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy” aralygyndaky demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, birnäçe abatlamak we durkuny täzelemek meýilleşdirilýän taslamalar boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem rus tarapyny bu taslama işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

 

 

 

 

Rus tarapy 2020-nji ýylda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Transmaşholding” PJ-niň “Dolandyryjy kompaniýa “Brýansk maşyngurluşyk zawody” PJ-de öndürilýän 2ТЭ25КМ kysymly 1 sany ýük magistral teplowozyny hem-de “Kolomenskiý zawod” PJ-de öndürilýän ТЭП70БС kysymly 1 sany ýolagçy teplowozyny satyn almak barada Şertnama gol çekilip, agzalýan teplowozlaryň şu ýylyň iýul we awgust aýlarynda öndürilip tamamlanjakdygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde rus tarapy iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäheriniň degişli okuw jaýlaryna hünärmenleri okuwa ugratmaklygy hem teklip etdiler.

Türkmen tarapy myhmanlaryň teplowozlaryň gurlup tamamlanmagyna aýratyn üns berýändikleri üçin öz minnetdarlygyny bildirip, gysga wagtyň içinde agzalýan teplowozlaryň Türkmenistana gelmegine umyt edýändigini nygtady.

Bulardan başgada, rus tarapy “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Türkmendemirýoltaslama” taslama düzüş-agtaryş institutynyň wekillerini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak  üçin Sankt-Peterburga çagyrdylar.

Rus tarapy “Türkmendemirýollary” agentligi bilen ara alnyp maslahatlaşylan meselelerden soň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy dowam etdi. Duşuşyk gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe meselere seredildi. Rus tarapy Sankt-Perburgyň gämi gurluşyk kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen tarapyny bu gämi gurluşyk zawodlaryny öz ýerinde gelip görmegi çagyrdy. Türkmen tarapy 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekilendigini aýdyp bu Ähtnama boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan 1 sany gury ýük gämisini we 1 sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan edendiklerini aýdyp, rus tarapyny bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda rus tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary barada aýtdylar.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli gatnaşyklary esasynda işewürlikli we işjeň ýagdaýda geçdi.