“TÜRKIÝÄNIŇ DÖWLET DEMIR ÝOLLARYNYŇ (TCDD) ÝÜK GATNAWLARY” ÝAPYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň we bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demir ýollarynyň (TCDD) ýük gatnawlary ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň arasynda wagonlary ulanmak hakynda Şertnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşyp, türk tarapyndan düzülen wagonlary ulanmak hakynda Şertnamanyň taslamasyny ikitaraplaýyn wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşdylar. Sertnamanyň taslamasyna laýyklykda, türk wagonlarynyň Türkmenistanyň çägine girmek, hem-de türkmen wagonlarynyň Türkiýe Respublikasynyň çägine girmek bilen bagly bolup durýandyklaryny bellediler. Şeýle hem, türkmen tarapy Sarhs bekedinden dar koleýaly wagonlaryň, ýüklemek we düşürmek arkaly kabul edip bilmek mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Türk tarapy hem öz gezeginde Gabaralaryna gabat gelýän wagonlary kabul edip bilýändiklerini aýtdylar.

Duşuşykda “Türkmendemirýollary” agentligiň wekilleri agzalýan Şertnamanyň taslamasyna birnäçe üýtgetmeleri girizip, internet arkaly türk tarapyna ugradandyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen birlikde türk tarapy bu girizilen üýtgetmeleri degişli hünärmenleri bilen seljerip gysga wagtyň dowamynda netijeleri barada habar berjekdiklerini nygtadylar.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar esasynda işewürlik we işjeň ýagdaýynda geçdi.