“СИНАРА-ТРАНС ПОРТНЫЕ МАШИНЫ” MAŞYNGURLUŞYK HOLDINGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Синара-Транспортные Машины” maşyngurluşyk holdinginiň wekilleriniň arasynda täjirçilik tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda “Синара-Транспортные Машины” maşyngurluşyk holdinginiň hünärmenleri tarapyndan demir ýol ulgamynda hyzmat edýän öz öndürýän önamleri bolan demir ýoluň gurluşygy hem-de ony abatlamak işleri bilen bagly degişli tehnikalary barada aýdyp geçdi.

Şeýle hem olar Rels kebşirleýji maşyn (ПРСМ), şeben gönleýji-dykyzlaýjy maşyn (ВПР) ýaly birnäçe görnüşli tehnikalaryň düzümleri, olaryň ýerine ýetirýän uly möçberdäki mümkinçilikleri barada täjirçilik maglumatlary barada gürrüň berdiler.

Bulardan başga-da “Синара-Транспортные Машины” maşyngurluşyk holdinginiň hünärmenleri demir ýol ulgamynda hereket edýän tehnikalara tehniki hyzmat ediş tekliplerini hem hödürlediler.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde alyp barýan we göz öňünde tutýan uly göwrümli taslamalary barada gysgaça belläp geçdi we rus kompaniýasy tarapyndan agzap geçen täjirçilik tekliplerini geljekde göz öňünde tutjakdygyny nygtady.

Duşuşyk işjeň ýagdaýda geçirilip, onuň ahyrynda taraplar gyzyklanma bildirýän mowzuklarda sorag-jogap alyşdylar.