HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÄJIRÇILIK MINISTRLIGI TARAPYNDAN HALKARA WE MULTIMODAL GEÇELGELERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY

2021-nji ýylyň 8-21-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Tajirçilik ministrligi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly Halkara logistika we multimodal geçelgeleri boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynyň çäklerinde Şandunyň daşary söwda hünärmen mekdebiniň professorlary tarapyndan HHR-nyň ulag-logistika pudagynda gazanan üstünlikleri, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza döwletleriniň we beýleki sebitleriň halkara logistika we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça maksatnamalary, HHR-nyň logistika we multimodal geçelgeleriniň taryhy, gazanan üstünlikleri we ösüşi, Sindaonyň 14-nji bäşýyllyk söwda boýunça ösüş maksatnamasy - halkara gämi gatnawyny we söwdany maliýeleşdirmek üçin innowasiýa merkezini döretmek we ŞHG-nyň agza ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyna we ýerli ykdysadyýete gönükdirilen mümkinçilikleri barada taslama bilen tanyşdyryşlygy (prezentasiýa) görkezildi.

Mundan başgada Hytaýyň logistika kärhanasynyň iş ýörediş usuly we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza döwletleriniň arasynda durmuşa geçirip boljak halkara logistika hyzmatdaşlygynyň usullaryny öwrenmek, deňiz we demir ýollary arkaly halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde gümrük amallaryny resmileşdirmek, halkara logistika we multimodal geçelgelerinde logistika maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy, serhetüsti elektron söwdanyň ösüşiniň halkara logistika getirýän mümkinçilikleri we kynçylyklary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjy hünärmenler duşuşygyň ahyryny jemläp, Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Tajirçilik ministrligine we Şandunyň daşary söwda hünärmen mekdebiniň professorlaryna minnetdarlyk bildirdiler.