TÜRKMEN-OWGAN ULAG TASLAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparynda boldy.

Saparyň birinji gününde, ýagny 5-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen we owgan wekiliýetleriniň giňişleýin geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetleriň düzümine – iki ýurduň ykdysady meseleler boýunça geňeşçileri, energetika we ulag ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan milli maliýe edaralarynyň we halkara holdingleriniň ýolbaşçylary girizildi.

Gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi boýunça ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

Şonuň ýaly-da, iki ýurduň gatnaşmaklarynda demir ýol torlarynyň giňeldilmeginiň netijesinde hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi boýunça maslahat geçirildi. Çünki ol tutuşlygyna sebitde ykdysady integrasiýa oňyn täsir ýetirmäge gönükdirilendir.

Bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri bolup, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda «Kerki-Ymamnazar» şahasynyň üstünlikli ulanylyşa girizilendigi bellenilip geçildi. Şu ýylyň başynda hem Owganystanyň «Аkina-Аndhoý» beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda taraplar «Turgundy-Hyrat» demir ýol böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň netijeliligi dogrusynda gepleşikler hem geçirilýär.

Gepleşikleriň barşynda «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň hyzmatdaş-ýurtlar bilen bu geçelgäniň netijeliligini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki gurallaryň döredilmegi we ilerledilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.