HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SÖWDA MINISTRLIGI TARAPYNDAN DEMIR ÝOL ULAGLARY ULGAMYNDA OKUW MASLAHATY

2021-nji ýylyň 13-26-njy maýy aralygynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Söwda ministrligi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly “Ösüp barýan ýurtlar üçin döwrebap demir ýol ulgamyny peýdalanmak we dolandyrmak” atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatynyň çäklerinde Şanhaýyň işewürlik mekdebiniň hünärmenleri dünýäde we HHR-da ýokary tizlikli otlularyň gurluşy, Hytaýyň mysalynda sebitleýin derejede demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, HHR-nyň ýokary tizlikli demir ýollary gurmak baradaky sebitleýin strategiýasy hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň käbir döwletlerinde otlularyň döreýşiniň we ösüşiniň taryhy barada taslama bilen tanyşdyryşlygy (prezentasiýa) görkezildi. Mundan başgada, ýol hereketinde ýüze çykýan meseleler, olary dolandyrmagyň düzgünleri, ulag pudagynda amala aşyrylýan dürli görnüşli taslamalar, bu taslamalaryň dogry ýola goýulmagy we talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen bagly seljeriş işleriniň geçirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylar tarapyndan Şanhaýyň işewürlik mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan dürli mowzuklardaky taslama tanyşdyryşlary  bilen bagly ýüze çykýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Şanhaýyň işewürlik mekdebiniň hünärmenleri duşuşygyň jemlerini jemläp, okuw maslahatyna gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdiler.