DEMIR ÝOL ULAGLARY PUDAGYNDA DÖRTTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK

2021-nji ýylyň 17-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda ulag ulgamynda geljekki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Eýran-Türkmenistan-Özbegistan-Gyryzystan döwletleriniň demir ýol geçelgeleri boýunça özara nyrh ýeňilliklerini bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Bender-Abbas Eýran portundan konteýnerleri Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň çäginden geçirmegiň nyrhnamalaryny kesgitlemek üçin Işçi toparyny döretmek we onuň ýolbaşçysy hökmünde Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini saýlamak, döredilmeli Işçi toparynyň ýerine ýetirmeli wezipeleri we maslahata gatnaşyjy döwletleriň arasynda demir ýol pudagynda ýüze çykýan käbir tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýagny, Işçi toparynyň esasy wezipeleri maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol geçelgeleri boýunça hereket edýän otlynyň görnüşini kesgitlemek, Eýranyň eýeçiligindäki wagonlaryň işe girizilen ýagdaýynda ähli gerekli kadalaşdyryjy tehniki resminamalary (rus dilinde) tanyşdyrmak üçin degişli işleri ýerine ýetirmek, bu geçelge boýunça ýükleri daşamak bilen bagly ýüze çykýan ähli bökdençlikleriň üstünde işlemekden ybarat bolup durýar. Mundan başgada duşuşykda Işçi toparynyň ýerine ýetirmeli wezipeleriniň hatarynda Bendar-Abbas (Eýran) portundan Gyrgyz Respublikasyna ugradyljak ilkinji synag otlusynyň düzümini we senesini kesgitlemek barada bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde hem demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr geçelgeleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar geçirilse maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.