OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ “VENCO IMTIAZ CONSTRUCTION COMPANY, LLC”(VICC) KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 16-njy maýynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag-üstaşyr geçelgesininiň bir bölegine öwrüljek Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşygynyň Tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny tapgyrlaýyn ýerine ýetirmek işlerini maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň “Venco Imtiaz Construction Company, LLC” (VICC) kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rahimullah Şahsawaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda owgan wekiliýeti tarapyndan tapgyrlaýyn gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy-Hyrat demir ýolunyň takmynan 22 kilometr bolan Turgundy-Sanabar aralygynyň täze demir ýol taslamasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça tanyşdyryşlyk (prezentasiýa) görkezildi. Şunuň bilen birlikde, Turgundy-Sanabar demir ýolunyň ugrynda ýerleşýän daglyk ýerleriniň düzlenilmegi, goşmaça hyzmat ediji gara ýollaryň çekilmegi, gurulmagy göz öňünde tutulýan geçelge (виадук), köprüleri gurmak ýaly birnäçe meseleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda “Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy VICC kompaniýanyň wekillerine Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygyny amala aşyrmakda ygtybarly, ynamly hyzmatdaşlyk edendikleri üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Geljekde hem bu kompaniýa bilen Owganystanyň çäginde amala aşyryljak demir ýol taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigi aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar demir ýol pudagynyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdiklerini belläp, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.