BERDIMUHAMEDOW WE SI SZINPIN IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

    Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Si Szinpin soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Türkmen Lideri Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, şol hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we himiýa senagaty hem-de beýleki köp sanly ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

   Olar boýunça tagallalary birleşdirmegiň uly mümkinçilikleri bardyr. Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi, ilkinji nobatda bolsa, üstünlikli ulanylýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bilen baglanyşykly taslama amala aşyryldy. Bu gün şol gaz geçiriji boýunça türkmen tebigy gazy HHR-e iberilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Munuň özi iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Prezident Gurbanguly

    Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň üstüniň iki ýurduň arasyndaky we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlyk bilen ýetirilýändigini nygtady. Türkmenistan mundan beýläk-de bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýar. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklap, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gepleşikleriň gadymy dostlugyň binýadyna esaslanýan köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy.

Taraplar bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem-de pandemiýa garşy durmakda toplanan tejribäni alyşmagy göz öňünde tutýandyklaryny tassykladylar. Umumy pikire görä, diňe bilelikdäki tagallalardyr utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmak mümkindir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany HHR-iň Başlygyna saglygy goraýyş ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.