TÜRKMENI-TÄJIK DEMIRÝOLÇULARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY

  2021-nji ýylyň 30-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Maslahatda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ulag pugdagynyň häzirki ýagdaýyna, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, halkara ýükleri daşamak boýunça COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň kabul eden çärelerine we Täjigistan Respublikasynyň ýüklerini daşamak boýunça Türkmenbaşy deňiz portuny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri COVID-19 pandemiýasyna garşy halkara demir ýol geçelgelerinde zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurlup ulanylmaga berlendigini belläp, halkara ýükleri daşamakda ýük dolanyşygynyň möçberiniň artdyryljakdygyny bellediler we şeýle desgalaryň awtoulag serhet geçelgelerinde hem fumugasiýalaryň gurulandygyny nygtadylar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekili hem bu barada giňişleýin belläp, COVID-19 pandemiýasynyň döwletleriň ykdysadyýetine ýetiren zyýanly täsiri sebäpli, häzirki wagtda ulag-üstaşyr ýüklerden alynýan ýygymlaryň peseldilendigini aýtdylar.

Täjik tarapy Türkmenbaşy portunyň ýük dolanşygy barada sözüni dowam etdi. Olar 2012-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenbaşy portundanyň ýük dolanşygyndan giňişleýin peýdalanandyklaryny we Sarahs geçelgesiniň üstünden 1 million tonnadan gowrak ýükleriň daşalandygyny belläp, Sarahs geçelgesi Tajigistanyň harytlaryny import we eksport etmekde amatly bolýandygy barada aýratyn belläp geçdiler.

Türkmen tarapy ulag-üstaşyr ýükleri daşamakda Täjigistan Respublikasy bilen geljekde hem işjeň hyzmatdaşlyk etjekdikleri badara aýtdy.

Duşuşyk däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar esasynda işewürlik we işjeň ýagdaýynda geçdi.