TÜRKMEN-OWGAN DEMIRÝOLÇULARYNYŇ IKITARAPLAÝYN HYZMATDYŞLYK BOÝUNÝA ONLAÝYN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Demir ýol edarasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdyşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşyp, “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystanyň Demir ýol edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň 2021-nji ýylyň 09-njy ýanwarynda Kabul şäherinde gol çekişmek dabarasynyň, şeýle hem 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda türkmen demirýolçularynyň zähmeti bilen gurlan Akina-Andhoý demir ýolunyň açylyş dabarasynyň üstünde durup geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýyllaryň dowamynda türkmen hem-de owgan demirýolçularynyň arasynda özara-bähbitli hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Muňa birnäçe bilelikdäki amala aşyrylan taslamalar, hususan-da türkmen tarapyndan maýa goýumy goýulan, uzynlygy 13 km bolan Turgundy demir ýol böleginiň hem-de Akina bekedinde uzynlygy 10 km bolan goşmaça ýollaryň gurulmagy şaýatlyk edýär.

Mundan başgada maslahatda ýagny, türkmen tarapynyň beren maýa goýumy arkaly gurlan uzynlygy 13 km bolan Turgundy demir ýol bölegi boýunça özara hasaplaşyklaryň we Owganystan Yslam Respublikasynyň çäklerinde ýerleşýän Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň ulanyşa girizilmegi hem-de onuň tehniki üpjünçiligi we Turgundy-Hyrat demir ýol şahasynyň gurluşygy boýunça taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere hem seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda, taraplar birek birege berk jan-saglygyny, maşgala abadançylygyny, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk we gülläp ösmeklerini arzuw etdiler.