Türkmenistanyň demirýollarynyň üsti bilen raýatlaryň howpsuz gatnawyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine wajyp bolan ýükleri daşamak, şeýle hem halkara häsiýetli ýükleri ýurdumyzyň içinden üstaşyr daşamak «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkinji we möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.