Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

    Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine mümkinçilik berer.

Biz barada

"Türkmendemirýollary" agentligi

    Тürkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de агаgatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt depginler bilen kemala getirmek babatynda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda alnyp barylýan işler, ädilýän ädimler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň mynasyp miwesini berýär. 2021-nji ýylda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem munuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we Aziýanyň merjen şäheri, ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň 140 ýyllyk toýlarynyň bellenilýän ýylynda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan alnyp barylýan birnäçe gaýragoýulmasyz işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» bolan 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Аkina-Аndhoý 30 kilometrlik demir ýol şahasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

    Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynyň dowamynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak hyzmatlary artýar we barha hil taýdan ýokarlanýar. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyk tehnikalary ornaşdyrmakda we halkymyza hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Täze Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilip, geosyýasy taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistanyň üstünden geçýän ýükleriň möçberi gün-günden artýar.

    Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurlup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär.

 

Tanyşdyryş wideo

Habarlaşmak

  • Salgymyz:

  • 744000, Türkmenistan, Aşgabat Arçabil şaýoly, 162

  • Telefon:

  • +993 12 390524

  • Faks:

  • +993 12 390690

  • E-mail:

  • tde@railway.gov.tm

Soraglaryňyzy, teklipleriňizi aşakdaky form arkaly bize iberip bilersiňiz.